Türkiýe-ÝB maslahaty şu gün Brýusselde geçiriler

Türkiýä Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň wekilçilik etjek maslahatyň gün tertiniň ileri tutulýan ugry Ýewopanyň bosgunlar meselesine garşy göreşi

394809
Türkiýe-ÝB maslahaty şu gün Brýusselde geçiriler

Maslahatda ÝB-ne agza ýurtlara bosgunlaryň köpçülikleýin barmagynyň öňüniň alynmagy baradaky bilelikdäki iş meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi maksat edinilýär.
Maslahatda seljeriljek esasy ugurlaryň hatarynda durnuksyz migrasiýa garşy göreş, siriýaly bosgunlaryň emele getirýän ýüküniň paýlaşylmagy hem bar.
Ýewropanyň bosgun meselesi bilen göreşmegi üçin Ankaranyň goldaw bermegi we hyzmatdaşlyk üçin 3 milliard ýewro barabar maliýe kömeginin berilmegi barada-da netijä gelinmegine garaşylýar.
Şeýle-de malahatda türk raýatlary üçin wiza ýeňilliginiň döredilmegi, Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk gepleşikleriniň depgininiň güýçlendirilmegi we Gümrük bileleşiginiň netijeliliginiň artdyrylmagy barada pikir alyşylar.
Soňky günlerde artýan terrorçylykly wakalar we terroryň ähli görnüşine garşy bilelikde hyzmatdaşlyk edilmegi hem maslahatyň gün tertibinde orun berilýän meselelerden käbirleri.
Maslahat mundan ozal Türkiýe bilen geçirilen we diň ÝB-niň düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşan “kiçi maslahat” formatynda bolmaz.
Maslahat ÝB-ne agza ýurtlaryň döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda 28+1 formatynda geçer.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar