Dawutogly oppozision partiýalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Premýer ministr Ahmet Dawutogly Mejlisde Respublikan halk partiýasynyň başlygy Kemal Kylyçdarogly we Milletçi hereket partiýasynyň başlygy Dewlet Bahçeli bilen duşuşdy

394798
Dawutogly oppozision partiýalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Duşuşykda dekabr aýynda Mejlisde wagtlaýyn býujetiň däl, eýsem 2016-njy ýylyň býujetiniň ara alynyp maslahatlaşylmagy barasynda pikir alyşyldy.
Beýleki tarapdan Dawutogly Kylyçdarogly bilen geçiren duşuşygynda Diýarbakyr welaýatynyň Aklawçylar bileleşiginiň başlygy Tahir Elçinin öldürilen hüjümi we şondan soň başdan geçirilen wakalar barasynda maglumat berdi.
Kylyçdarogly hem Elçiniň öldürilen hüjümi bilen bagly şübheli ýagdaýyň bardygyny we wakanyň çuňňur seljerilmelidigini aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar