Wekilhanalarymyzda howpsyzlyk çärelerininiň görülmegini isledik

Andreý Karlow Türkiýäniň Moskwadaky ilçihanasyna guralan hüjüm sebäpli daşary işler ministrligine çagyryldy

393977
Wekilhanalarymyzda howpsyzlyk çärelerininiň görülmegini isledik

Russiýanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly baş ilçisi Andreý Karlow Türkiýäniň Moskwadaky ilçihanasyna guralan hüjüm sebäpli daşary işler ministrligine çagyryldy.
Karlowa hüjümiň Türkiýäni biynjalyk edendigi aýdyldy.
Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda “Soňky günlerde Russiýadaky wekilhanalarymyz we şol ýurtda iş alyp barýan türk firmalarymyz fiziki hüjümlere sezewar bolýar” diýildi.
Beýanatda “Rus ýolbaşçylar bilen gepleşik geçirdik we wekilhanalarymyzda berk howpsyzlyk çärelerininiň görülmegini talap etdik”diýildi.
Beýleki tarapdan Russiýa hem Türkiýä giden rus raýatlaryna ýurtlaryna dolanmaklaryny maslahat berdi.
Türkiýeden Halkara Ýugargo oba hojalyk sergisine gatnaşmak üçin Russiýanyň Krasnodar şäherine giden 30-dan gowrak türk işewür adamy sergide mahaly göz tussaglygyna alyndy.
Soçi şäherine alnyp gidilen işewür adamlarynyň deport ediljekdigi nygtaldy.
Türk işewür adamlaryndan Ýusuf Zeki Kyrdar TRT Haber kanalyna beren beýanatynda “Ozal 4 gezek Russiýa gitdim, ilkinji gezek şeýle waka gabat geldim” diýdi.
Türkiýäniň Russiýadaky ilçihanasy hem sosial media arkaly Russiýadaky türk raýatlaryna pasportlaryny we beýleki resminamalaryny ýanlarynda götermeklerini isledi.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar