Kreml Erdoganyň Putine telefon edendigini tassyklady

Peskow Prezident Erdoganyň rus uçarynyň urlup düşürilmeginden soň Putine telefon edendigini aýtdy

394177
Kreml Erdoganyň Putine telefon edendigini tassyklady

Kreml Prezident R. T. Erdoganyň Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putine telefon edendigini tassyklady.
Kremliň metbugat geňeşçisi Dmitri Peskow Prezident Erdoganyň sişenbe güni türk howa giňişligine giren rus uçarynyň urlup düşürilmeginden soň Putine telefon edendigini aýtdy.
Peskow metbugata beren beýanatynda “Erdogan wakanyň başdan geçirlen güni ýagny rus uçary urlup düşürlenden 7-8 sagat soň Putine telefon etmäge synanşdy” diýdi.
Prezident Erdogan rus harby uçarynyň urlup düşürilmeginden soň Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirmek isländigini emma Kremliň jogap bermändigini aýtdy.
Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bolsa düýn beren beýanatynda Erdoganyň Putine telefon etmändigini öňe sürüpdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar