Baýyrbujak türkmenlerine guralýan hüjümler hakynda maglumat aldy

Sinirliogly ABŞ-nyň Döwlet sekretary Kerri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

420462
Baýyrbujak türkmenlerine guralýan hüjümler hakynda maglumat aldy

Premýer ministr Ahmet Dawutogly Siriýada rus harby uçarlarynyň goldaw bermeginde Siriýanyň hökümetiniň Baýyrbujak türkmen obalaryna guraýan hüjümleri barada Baş ştabyň başlygy goşun generaly Hulusi Akardan we Milli howpsyzlyk gullugynyň başlygy Hakan Fidandan maglumat aldy.
Premýer ministrlige ýakyn töwerekler Türkiýäniň BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň döwürleýin ýolbaşçysyna hat ýazandygyny we hatda BMG-nyň mesele bilen gyssagly gyzyklanmagynyň islenendigini öňe sürýär.
Ýolbaşçylar Premýer ministr Dawutoglynyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministri Feridun Sinirlioglynyň hem düýn gije ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerrä telefon edendigini we mesele barada maglumat berendigini nygtaýar.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar