Dawutogly Barzany bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Dawutogly Barzanyny DAEŞ-e garşy guralan harby operasiýada gazanylan üstünlikleri sebäpli gutlady

417256
Dawutogly Barzany bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Premýer minisrt Ahmet Dawutogly Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň başlygy Mesud Barzana telefon edip peşmerge güýçleriniň Sinjarda DAEŞ-e garşy guralan harby operasiýada gazanylan üstünlikleri sebäpli gutlady.
Premýer ministr Ahmet Dawutogly telefon söhbetdeşliginde Sinjaryň DAEŞ-den saplanmagynyň terror guraamsyna garşy göreş taýdan diýseň möhümdigini belledi.
Premýer ministr Ahmet Dawutogly terrorçylyga garşy göreşde Yragyň Kürt Awtanomiýasyna goldaw bermäge dowam etjekdigini ýatlatdy.
Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň başlygy Mesud Barzany Premýer ministr Ahmet Dawutoglyna gutlaglary we arkalalyk ýüzlenmesi üçin öz minnetdarlygyny bildirdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar