Türk ýaragly güýçleri PKK garşy operasiýa geçirmäge taýarlanýar

Türk ýaragly güýçleri terrorçylaryň sebitden dolulygyna saplanmagy üçin Demirgazyk Yraga giň gerimli operasiýa guramak üçin taýarlyk görýär

415283
Türk ýaragly güýçleri PKK garşy operasiýa geçirmäge taýarlanýar

Terror guramasy PKK İkiýaka, Buzul daglary bilen Doski jülgesinden uran zarbalaryndan soň harby goşun şäher bilen oba ýerleriniň arasyndaky esasy zolagy terrorçylaryň goýan partlaýyjylaryndan saplamaga başlady.
PKK terrorçylary tarapyndan köp sanly partlaýyjy goýulan Şemdinli şäheri bilen Altynsu obasynyň arasyndaky zolakda iş alyp barýan ýaragly güýçler, şol bir wagtda-da Demirgazyk Yraga guralmagy ähtimal operasiýadan ozal zolagyň howpsyzlygyny üpjün etdi.
Dag we ýollar partlaýyjy howpyndan saplandy, guramanyň serhediň aňyrsyndaky güýçlerine-de zarba urmak üçin garyň ýagmagyna garaşylýardy. Howpsyzlyk güýçleri garyň ýagmagy bilen birlikde terrorçylaryň yzarlanmagynda hereket etme ýeňilligine eýe bolýar.
Dagyň we garyň ýagmagynyň harby güýçlere döredýän esasy ýeňilligi bolsa Demirgazyk Yraga geçilýärkä dürli duzaklaryň täsirini ýitirmegi we radio ulgamlaryň işlemeýänligi. Sebitdäki ýörite güýçlere “Noýabr aýynyň ahyrynda guralmagy ähtimal gury ýer operasiýasy üçin taýarlyklara başlaň” diýlen görkezmäniň berilendigi nygtalýar.
Tomus aýlarynda partlaýyjylaryň howpsyzlyk güýçleriniň geçişi mahalynda PKK terrorçylary tarapyndan radio ulgam arkaly ýarylmagy we yz ýanyndan agyr ýaraglar bilen guralýan hüjümler netijesinde köp sanly esger şehit bolupdy. İkiýaka-Buzul-Doski üçburçlygynda geçirilen operasiýalarda 119 terrorçy ýok edildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar