Wagtlaýyn hökümet 4-nji we soňky maslahatyny geçirdi
Türkiýe DAEŞ-e we Türkiýä howp salýan ähli terror guramalaryna garşy tutanýerli tutumyny dowam etdirer
Konstitutsiýa laýyklykda gurlan wagtlaýyn hökümet 4-nji we soňky maslahatyny geçirdi.
Maslahatdan soň metbugata beýanat beren hökümetiň metbugat geňeşçisi Numan Kurtulmuş terrorçylykly hüjümler sebäpli Türkiýede durnuksyzlyk emele getirmäge synanşýanlaryň bardygyna garamazdan wagtlaýyn hökümetiň synagdan üstünlikli geçendigini we Türkiýede 1-nji noýabrda saýlawyň geçirlendigini aýtdy.
Kurtulmuş, Türkiýäniň DAEŞ-e we Türkiýä howp salýan ähli terror guramalaryna garşy tutanýerli tutumyny dowam etdirjekdigini nygtady.
Degişli Habarlar
Hakan Fidan, ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Fidan bilen Blinken Gazada we Ukrainada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.
Ýene-de 12 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Soňky terrorçy ýok edilýänçä terrora garşy egilşiksiz göreş dowam eder”