Wise-premýer Ýalçyn Akdogan iş sapary bilen Makedoniýada boldy

Akdogan Makedoniýanyň Premýer ministri Nikola Gurewski bilen duşuşdy

413600
Wise-premýer Ýalçyn Akdogan iş sapary bilen Makedoniýada boldy

Ýalçyn Akdogan duşuşykdan soň 542 ýylyň dowamynda Osman häkimiýetinde bolan paýtagt Skopiýany aýlanyp gördi.
5,5 asyr Osman döwletiniň häkimiýetinde bolan Skopiýa şäherindäki taryhy Türk bazaryna baryp gören Wise-premýer Akdogan, satygçylar bilen söhbetdeş boldy we taryhy bazar barada maglumat aldy.
Akdogana TRT-niň Baş müdiri Şenol Göka we Anadoly habarlar gullugynyň Baş müdiri Şenol Kazanjy ýoldaşlyk etdi.
Wise-premýer Ýalçyn Akdogan Anadoly habar gullugynyň makedon dilindäki ýaýlymlaryna başlamagy we täze ýaýlym merkeziniň açylyşy mynasybetli şu guraljak dabara hem gatnaşar.
Habarlaryny 9 dilde dünýä jemgyýetçiligine ýetirýän Anadoly habarlar gullugy şu gün açyljak Skopiýadaky ofisi bilen makedon dilinde habar ýaýlymyna başlar.
Şeýlelikde makedon dili Anadoly habarlar gullugynyň 10-njy ýaýlym dili bolar, Skopiýadaky ofis bolsa makedon we alban dillerindäki ýaýlymlaryň merkezi bolar.
Anadoly habarlar gullugynyň makedon dilindäki ýaýlymlary http://www.aa.com/mk salgysyndan alynyp bilner.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar