Sinirliogly Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Daşary işler ministri Feridun Sinirliogly Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen telefon arklay söhbetdeş boldy

412046
Sinirliogly Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Diplomatiki çeşmelerden alynan maglumatlara görä Sinirliogly bilen Lawrowyň arasynda bolan telefon söhbetdeşliginde Siriýa krizisi ara alynyp maslahatlaşyldy. Taraplar Siriýa krizisiniň syýasy çözgüdi bilen baglanşykly tagallalar barada pikir alyşdylar.

Sinirliogly we Lawrow soňky gezek Saud Arabystanynyň we ABŞ-nyň ministrleriniň gatnaşmagyna 29-njy oktýabrda Wenada geçirilen döert taraplaýyn Siriýa maslahatynda duşuşypdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar