Prezidentlik ulgamy meselesinde halkyň pikirine ähmiýet berler

Kalyn Prezident kompleksinde metbugata beýanat berdi

410463
Prezidentlik ulgamy meselesinde halkyň pikirine ähmiýet berler

Prezident Diwanynyň iş dolandyryjysynyň orunbasary Ibrahim Kalyn prezidentlik ulgamy meselesinde halkyň pikirine uly ähmiýet berjekdiklerini aýtdy.
Kalyn Prezident kompleksinde metbugata beren beýanatynda prezidentlik ulgamy barada hem durup geçdi.


Ibrahim Kalyn “Zerur halatynda referendum hem geçirlip bilner. Parlamentde käbir kanuny üýtgetmeler hem kabul edilip bilner. Bu mesele halkymyz bilen ara alnyp maslahatlaşylar we halkyň garaýşyna uly ähmiýet berler” diýdi.


Bu meselede Prezident R. T. Erdoganyň tutumynyň bellidigini aýdan Kalyn, “Prezidentlik ulgamyniň Türkiýäni ýokary liga göterjekdigine doly ynanýarys” diýdi.


Prezidentlik ulgamynyň, Prezident Erdoganyň öz geljegi bilen arabaglanşykly bolmandygyny aýdan Kalyn, taryhda mynasyp orun alan, halkyň köňlünde güýçli lider bolan Prezidentiň bu meselede hiç hili aladasynyň ýokdygyny nygtady.


Ibrahim Kalyn terrorçylyga garşy göreşmeselesi barada hem durup geçdi we meseläniň 7-nji iýundaky we 1-nji noýabrda saýlawlardan soň hem esasy mesele bolmaga dowam etjekdigini we terror guramalaryna garşy tutanýerli tutum alyp barjakdyklaryny ýatlatdy.

Kalyn Siriýa meselesinde Wenada iki gezek Siriýa maslahatynyň geçirlendigini emma Asadyň geljegi baradaky garaýyş tapawutlylygynyň dowam edýändigini belledi.
Kalyn halkara jemgyýetçiliginiň bosgunlar meseledinde ýeterlik derejede tagalla etmeýändigine ünsi çekdi.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar