16 terrorçy ýok edildi

Türk ýaragly güýçleri Hakkari welaýatynyň Ýüksekowa etrabynda geçirilen operasiýada 16 terrorçynyň ýok edilendigini habar berdi

411126
16 terrorçy ýok edildi

Berilen beýanatda çarşenbe güni geçirilen operasiýalarda ýok edilen terrorçylaryň sanynyň 15-e barabardygy nygtalýar.
Beýleki tarapdan terror guramasynyň gowşamaga başlandygy mälim edilýär.
Şyrnak welaýatynda ektremist terror guramasy PKK-dan gaçan ýene-de 10 terrorçy howpsyzlyk güýçlerine boýun egdi.
Şyrnak welaýat gubernatorlygy terror guramasyndan gaçýanlaryň sanynyň soňky bir aýda artandygyny, 2013-nji ýylyň 21-nji martyndan bäri boýun egen terrorçylaryň sanynyň 999-a ýetendigini beýan etdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar