PKK-lylar bilen bolan çaknyşykda 4 esger şehit boldy

Ýaragly çaknyşykda şeýle hem 5 esger ýaralandy

355371
PKK-lylar bilen bolan çaknyşykda 4 esger şehit boldy

Türkiýäniň Hakkari welaýatynyň Daglyja sebitinde terror guramasy PKK bilen bolan ýaragly çaknyşykda 4 esger şehit boldy, 5 esger ýaralandy.
Baş Ştab waka bilen baglanşykly beýanat berdi.
Sebitde terrorçylara garşy dowam etdirilýän operasiýada ýüze çykan çaknyşykda podpolkownik Ihsan Eždar, starşina Turgaý Topsakalogly we starşina Samet Çakyr şehit boldy. 1-i agyr 5 esger bolsa ýaralandy.
Sebitde geçirilýän operasiýada häzirki wagta çenli 17 terrorçy öldürildi.
Sebitde operasiýalar dowam edýär.
Kaýseride mitingde çykyş eden Premýer ministr Ahmet Dawutogly: “Daglyjada şehit bolan 4 gahryman esgerimiziň ganlarynyň hasabyny damja-damja sorarys” diýdi.
Dawutogly: “Operasiýalar bu ýurduň daglarynda terror gutarýança, ýaraglar bu millete çenemesini bes edýänçä dowam eder” diýip nygtady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar