"Terror guramalarynyň arasynda hiç hili tapawut ýok"

Prezident Erdogan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada ýüzlenme berdi.

354223
"Terror guramalarynyň arasynda hiç hili tapawut ýok"

Prezident R. T. Erdogan Türkiýe üçin PKK-nyň bölümleri bilen terror guramasy PÝD-niň we ÝPG-niň, DHKP-J-niň we DAEŞ-iň arasynda hiç hili tapawudyň ýokdygyny aýtdy.
Çankyryda açylyş dabarasyna gatnaşan Prezident Erdogan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada ýüzlenme berdi.
Erdogan “Bularyň ählisi biziň üçin, geljegimize kast eden eli ganly terror guramalarydyr. Şol terror guramalarynyň ählisi howplydyr. Beniň terrorçym gowy, seniň terrorçyň erbet diýlen garaýyş azyndan terroryň özi ýaly howplydyr” diýip belledi.
Prezident R. T. Erdogan “Terror guramasy DAEŞ-iň Suruçda ýaran bombasy bilen PKK-niň Gaziantepde ýaran bombasynyň arasynda näme tapawut bar. DAEŞ-iň bombalary bilen ölen ynsan hem, PKK-niň bombalary bilen roketalary bilen, ýaraglary bilen ölenler ynsan dälmi? diýdi

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar