Dawutogly howpsyzlyk maslahatyny geçirer

Ahmet Dawutogly sagat 12.00-da resmi kabulhanasynda howpsyzlyk maslahatyny geçirer

390966
 Dawutogly howpsyzlyk maslahatyny geçirer

Ankarada otly bekediniň golaýyndaky köprüniň aşagynda partlama boldy.
Otly bekediniň golaýynda bolan partlamada ilkinji kesgitlemelere görä 10 adamyň ýogalandygy we köp sanly adamyň ýaralanandygy öňe sürülýär.
Premýer ministr Ahmet Dawutogly wakadan soň Içeri işler ministri Selami Altynokdan we Saglygy goraýyş ministri Mehmet Müezzinoglyndan maglumat aldy.
Premýer ministr Ahmet Dawutogly sagat 12.00-da resmi kabulhanasynda howpsyzlyk maslahatyny geçirer.
Dawutogly Wise-premýer Akdogany, Içeri işler we Saglygy goraýyş ministrliginiň ýolbaşçylaryny, Milli howpsyzlyk gullugynyň başlygy Hakan Fidany, Içeri işler müdüri Lekesizi we Ankaranyň gubernatory Kylyçlary maslahata çagyrdy.
Jehuriýet halk partiýasynyň başlygy Kemal Kylyçdarogly hem partlama sebäpli duşuşyklaryny bes etdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar