Gaziantepde terrorçylykly hüjümde 1 esger şehit boldy

Gaziantep welaýatynyň İslahiýe etrabynda PKK terrorçylary tarapyndan guralan hüjümde bir esger gahrymanlarça şehit boldy

387679
Gaziantepde terrorçylykly hüjümde 1 esger şehit boldy

Amanos daglarynda gözleg we barlag işlerini alyp barýan žandarm Ýörite güýçlerine terrorçylar tarapyndan hüjüm guraldy.
Hüjüm edilmegi netijesinde ýaralanan bir esger dik uçar bilen Çukurowa uniwersitetiniň Baljaly hassahanasyna alynyp gidildi.
Ýaraly esger ähli tagallalara garamazdan halas edilip bilinmedi.
Hüjümden soň etrapda operasiýa başladyldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar