Erdogan Belgiýa saparyny dowam etdirýär

Erdogan ÝB-ne agzalygyň Türkiýäniň halkara derejesindäki esasy ugry we strategik islegidigini aýtdy

387869
Erdogan Belgiýa saparyny dowam etdirýär

Belgiýanyň Şasy Filipiň çakylygyna laýyklykda Brýusselde saparda bolýan Prezident erdogan Şalygyň küşkündäki resmi garşylama dabarasyndan soň duşuşyklaryna başlady.
Belgiýanyň Firmalar Federasiýasy tarapyndan guralan Ýokary derejeli işjeň maslahatyna gatnaşan Prezident ÝB-ne agzalyk etabynda syýasy bökdençlikleriň aýrylmagyny we täze barlag-seljeriş ugurlarynyň açylmagyny isledi.
Çykyşynyň dowamynda siriýaly bosgunlar meselesine-de ünsleri çeken Erdogan: “Halkara jemgyýetçiliginiň sözün doly manysynda arkalaşmagyna garaşýarys” diýdi.
Türkiýäniň häzirki wagtda 2,2 million siriýala hiç hili tapawut goýmazdan gapylaryny açandygyny nygtan Prezident Erdogan: “Eden çykdajymyz häzirki wagta çenli 7 milliard Amerikan dollary. Bize bolsa bütin dünýäden gelen goldaw 417 million dollar” diýdi.
Prezident Erdogan Ýewropa Parlamentiniň Başlygy Martin Şulz, ÝB geňeşiniň başlygy Donald Tusk we ÝB Komissiýasynyň başlygy Ýan Klod Ýanker bilen duşuşar.
Prezident Erdogan agşam ara bolsa Egmont institutynda geçiriljek ylmy-amaly maslahatda abraýly dokladçy hökmünde gatnaşar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar