Çanakgalada bosgunlary daşaýan gaýyk batdy

Wakada 13 adam ýogaldy

352086
Çanakgalada bosgunlary daşaýan gaýyk batdy

Aralarynda siriýalylar hem bolan ençeme daşary ýurtly bosgun Gresiýanyň Lesbos adasyna gitmek üçin Türkiýäniň Çanakgala welaýatynyň

Aýawajyk etrabynyň kenar ýakasyndan çişirilen gaýyk bilen çykdylar.

Ada tarap barýan gaýygyň içi ýolda suw dolup batdy. Gaýygyň näme sebäpli batandygy entek bilinenok.

Bosgunlaryň gaýyklarynyň batýandygy barada maglumat alan Kenarýaka howpsyzlyk gullugynyň işgärleri wakanyň bolan ýerine gelip 8 adamy halas edip ýetişen hem bolsa, bosgunlaryň 13-si işgärler barýança ýogaldy.

Halas edilen 8 adam Aýwajygyň döwlet hassahanasyna alynyp gidiler.

Wakadan soň howadan we deňizden gözleg işleri başladyldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar