Erdogan Oland bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Telefon söhbetdeşliginde Ysraýylyň Ak Aksa metjidine girmegi meselesi seljerildi

351190
Erdogan Oland bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezident R. T. Erdogan Fransiýanyň Prezidenti Fransua Oland bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Telefon söhbetdeşliginde Ysraýylyň Ak Aksa metjidine girmegi meselesi seljerildi.
Prezident Erdogan halkara jemgyýetçiligine herekete geçmek barada çagyryş berdi.
Prezident Erdogan Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleriniň Al Aksa metjidine girmeginiň we esasan hem musulmanlary nyşana almagynyň Yslam dünýäsiniň gahar gazaba münmegine sebäp bolandygyna ünsi çekdi.
Prezident Erdogan Ysraýylyň 1967-nji ýyldaky serhetlere laýyklykda paýtagty Gündogar Iýerusalym bolan garaşsyz we özbaşdak Palestina döwletiniň gurulmagyny kabul etmelidigini nygtady.
Oland bolsa Iýerusalymdaky wakalara alada bildirýändiklerini we iki döwletli çözgüde Fransiýanyň goldaw berýändigini ýatlatdy.
Telefon söhbetdeşliginde iki lider siriýadaky bosgunlaryň ýagdaýy barada hem pikir alyşdy.

 

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar