Erdogan Arap ýurtlarynyň liderleri bilen söhbetdeş boldy

Söhbetdeşlikde meselä garşy Halkara guramalaryň hem çäre görmelidigine ünsi çekildi

389469
Erdogan Arap ýurtlarynyň liderleri bilen söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Ysraýyl hökümetiniň Iýerusalimde musulmanlara garşy düzgün bozmalary bilen baglanşykly Iordaniýanyň Şasy Abdullah we Kataryň Emiri Şyh Temim bin Hamad Al Sani bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Prezident Erdogan Iordaniýanyň Şasy Abdullah bilen geçiren söhbetdeşliginde Halkara guramalaryň bu ugurda çäre görmegi üçin Yslam Hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň bilelikde hereket etmelidigini nygtady.
Iordaniýanyň Şasy Abdullah bolsa Prezident Erdogana mesele bilen baglanşykly edýän tagallalary üçin sag bolsun aýdyp, Ysraýylyň eden etdilikleriniň kabul edilip bilinjek zat däldigini belledi.
Iordaniýanyň Şasy Abdullah Türkiýede terrorçylykly hüjümlerde ýogalan esgerleriň we polisiýa işgärleriniň ýakynlaryna gynanç bildirdi.
Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan şeýle hem Kataryň Emiri Al Sani bilen telefon arkaly söhebetdeşlik geçirdi. Telefon söhbetdeşliginde iki lider Ysraýylyň Al Aksa metjidini nyşana alyp eden-etdiliginiň kabul edilip bilenjek zat däldigi nygtalyp, Yslam ýurtlarynyň bilelikde hereket etmelidigini aýtdylar.
Söhbetdeşlikde meselä garşy Halkara guramalaryň hem çäre görmelidigine ünsi çekildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar