Prezident Erdogan TRT-ä interwýu berdi

R.T. Erdogan terrora we terrorçylykly wakalara goldaw berýän media we maýadar toparlary bilen olara içerden hem-de daşardan goldaw berýänleriň onuň jerimesini iru-giç çekmeli boljakdygyny aýtdy

388812
Prezident Erdogan TRT-ä interwýu berdi

Prezident Erdogan halas edilen zolaklar ýaly tagallalara asla ýol berilmejekdigine ünsi çekdi.
Prezident R.T.Erdogan TRT-ä beren interwýusynda 7-nji iýunda geçrilen saýlawda görülen ähli çärelere garamazdan terror guramasynyň abaý-syýasaty sebäpli sesleriň öz goldaýan partiýalaryna berilmegini üpjün edendigini anyklandyklaryny aýtdy.
Erdogan çözgüt etabynyň dowamynda Gündogar we Günorta-gündogar Anadoly etraplaryndaky gubernatorlaryň özlerine berilen görkezmelere laýyklykda terror guramalaryna garşy operasiýa geçirmändiklerini nygtady.
Prezident Erdogan sözlerini şeýle dowam etdirdi: “Belki ýalňşlyklaryny düzederler, belki beýle dowam etmezler diýdik. Emma gynansagam ýalňyşlykdan el çekmediler, tersine bu etapda gynansagam taýarlyk döwrüni başladylar. Ony 7-nji iýunda geçirilen saýlawlarda gördük, gündogarda, günorta-gündogarda gördük.”
Terror toparlarynyň döwlediň umumy ýaşaýyş jaýyna agyr ýaraglar bilen hüjüm edendigini, ony döwlediň howpsyzlyk güýjüni asla ykrar etmeýändikleri üçin gurandyklaryny nygtan Prezident Erdogan: “Çünki bularyň derdi başga, ýagny halas edilen zolaklar. Emma bu ýurtda olara asla beýle pursat döretmeris. Men şu taýdan ýüzlenmek isleýärin: olara goldaw berýän media toparlary, olara goldaw beren maýadarlar, olara içerden we daşardan goldaw berenler onuň jerimesini iru-giç çekerler. Türkiýe döwledi we bu millet, türk milledi olara hukuk we demokratiýa çäginde iň ýerlikli jogaby bererler” diýdi.
Prezident R.T.Erdogan Ysraýylyň Metjidi Aksadaky düzgün bozmalary barasynda bolsa, bu wakanyň Ýakyn Gündogara uly zyýan ýetirjekdigini aýtdy.
Erdogan Ysraýylyň Metjidi-Aksadaky çemeleşmesi barasynda: “Men meseläniň dessine çözülmegini arzuw edýärin. Eger çözülmän halatynda bu gowulygyň alamady däl. Ýagny bu taýdan Ysraýylyň hökümedi meniň pikirimçe ýalňyş hereket edýär. Hamala diýersiňiz musulman dünýäsine meçew berip, Palestinada, Ýakyn Gündogarda başga bir ody tutaşdyrmak isleýän ýaly. Bu Ýakyn
Prezident Erdogan Siriýadaky bosgun pajygasy barasyndaky soraga bolsa Türkiýäniň Siriýadan gelýänlere gapylaryny ýapmandygyny, häzirki wagtda günbataryň edişi ýaly etmändigine ünsiçekdi.
Prezidentleriň, premýer ministrleriň, daşary işler mimnistrleriniň Türkiýedäki bosgun lagerlerini görenlerinde “biz dünýäde beýle gowy lager görmedik, siziň adama bolan garaýşyňyz başgaça, sizi gutlaýarys” diýendiklerini nygtan Erdogan, Siriýada häzirki wagta çenli 300 müňden gowrak adamyň pida bolandygyny, şol sebäpli hem açyk gapylar syýasatyny durmuşa geçirmäge karar berendiklerini aýtdy.
Sebitdäki beýleki bir howpyň DAEŞ-digini bellän Erdogan “Türkiýänin DAEŞ-e garşy göreşiniň erjellik bilen dowam edýändigine” ünsi çekdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar