Türkiýe PKK-a we DAEŞ-e garşy göreşini dowam etdirer

NATO-nyň Baş ştablarynyň başlyklary konferensiýasy Stambulda geçirildi

348888
Türkiýe PKK-a we DAEŞ-e garşy göreşini dowam etdirer

NATO-nyň harby komitetiniň Baş ştablarynyň başlyklary konferensiýasy Stambulda geçirildi.
NATO-nyň harby komitetiniň başlygy goşun generaly Peter Pawel bilen Baş ştabyň başlygy goşun generaly Hulusi Akar konferensiýanyň netijeleri barada metbugata beýanat berdi.
Goşun generaly Akar konferensiýada NATO-nyň Türkiýäniň terrorçylyga garşy alyp barýan göreşine goldaw berýändiginiň ýene-de bir gezek nygtalandygyny aýtdy.
Akar Türkiýäniň terrorçylyga garşy göreşiniň tutanýerlilik bilen dowam edýändigini nygtady.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar