1 müň 116 terrorçy öldürildi

Türkiýede terrorçylyga garşy göreş erjellik bilen dowam etdirilýär

378085
1 müň 116 terrorçy öldürildi

Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň terror guramasyna garşy göreşi giň-gerimli alynyp barylýar.
Ýerli önümçilik bolan uçarmansyz howa ulaglar bilen terrorçylaryň ýerleri anyklandy.
Nyşanalaryň koordinatlary bellendi we merkeze mälim edildi.
Mundan soň F-16 we F-4 harby uçarlar uçuryldy we terrorçylaryň 7 bazasy ýer bilen ýegsan edildi.
22-nji iýuldan bäri terror guramasyna garşy ýurdyň içinde we daşary ýurtda geçirilen operasiýalarda 1 müň 116 terrorçy öldürildi.
Şeýle hem howa operasiýalarynyň çäginde daşary ýurtda 620 terrorçy, ýurdyň öz içinde bolsa takmynan 300 terrorçy ýaralandy.
Soňky 2 ýylda 1 müň 300-den gowrak terrorçy guramadan gaçyp howpsyzlyk güýçlerine boýun egdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar