Tunjelidäki çaknyşykda 1 polis şehit boldy

Türkiýäniň Tunjeli welaýatynda polisiýa işgärleriniň we terrorçylaryň arasynda bolan ýaragly çaknyşykda 1 polis şehit boldy, 2 polis ýaralandy

377239
Tunjelidäki çaknyşykda 1 polis şehit boldy

Tunjelide düýn agşam terror guramasy PKK agza terrorçylar Polisiýa bölümine we Žandarma güýçlerine hüjüm gurady.

Polis işgärleriniň we žandarma güýçleriniň terrorçylara garşylyk görkezmegi netijesinde ýaragly çaknyşyk boldy.

Çaknyşykda 1 polis işgäri şehit boldy, 1-i agyr 2 polis bolsa ýaralandy.

Ýaralanan polis işgärleri ozal Tunjeliniň döwlet hassahanasynda soň bolsa Elazygyň Fyrat uniwersitediniň hassahanasynda bejeriş astyna alyndy.

Ýaralanan polis işgärleriniň biriniň ýagdaýynyň agyrdygy mälim edildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar