Prezident Erdogan: "Terrorçylyk bilen araňyzy açyň"

Prezident R.T.Erdogan Halklaryň demokratik partiýasyna ýüzlendi we “Terrorçylyk bilen araňyzy açyň” diýdi

377234
Prezident Erdogan: "Terrorçylyk bilen araňyzy açyň"

“Milledimiz bu ody ýurduň çar tarapyna tutaşdyrmak isleýänleriň oýunyny bozarys” diýen Prezident, partiýalaryň binalaryna guralan hüjümleri hem ýazgardy.
Prezident Erdogan ÝB geňeşiniň başlygy Donald Tusk bilen Prezidentiň kompleksinde bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdi.
Erdoganyň gün tertibinde terrorçylykly wakalar ileri tutuldy.
Prezident Erdogan Halklaryň demokratik partiýasyndan berilen beýanatlara berk reaksiýa bildirdi we olary jogapkärçilikli çemeleşmäge çagyrdy.
Prezident Erdogan başdan geçirilýän terrorçylykly wakalarynda “ünsleriň başga tarapa sowulýandygyna” ünsi çekdi.
Prezident partiýanyň binalaryna guralan hüjümleri hem ýazgardy.
Erdogan raýatlara “döwlede ynanyň” diýip ýüzlendi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar