Partiýanyň agzasy PKK-lylar tarapyndan zamun alyndy

Beýleki tarapdan PKK-ly terrorçylar Şyrnak welaýatynda harby baza uzyn nilli ýaraglar bilen hüjüm guradylar

371611
Partiýanyň agzasy PKK-lylar tarapyndan zamun alyndy

Türkiýäniň Tunjeli welaýatynyň Mazgirt etrabynyň Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Süleýman Janpolat terror guramasy PKK tarapyndan zamun alyndy.
Terrorçylar Janpoladyň ulagynyň öňüni kesip duruzdylar, Janpolady we ýanyndakylary düşürdiler we ulagy ýakdylar.
Terrorçylar mundan soň bolsa Süleýman Janpolady we ýanyndakylary alyp wakanyň bolan ýerinden uzaklaşdylar.
Beýleki tarapdan PKK-ly terrorçylar Şyrnak welaýatynda harby baza uzyn nilli ýaraglar bilen hüjüm guradylar.
Hüjümde obanyň goragçylarynyň biri ýaralanan hem bolsa, terrorçylaryň 2-si öldürildi.
Türk-Amerikan jemgyýetler federasiýasy Nýu Ýorkyň Union Skuare meýdançasynda Türkiýede soňky wagtlarda köpelen terrorçylykly hüjümlere garşy protest ýöriş gurady.
Ýörişde çykyş eden Türk-Amerikan jemgyýetler federasiýasynyň başlygy Atilla Pak Günbatar ýurtlaryň beýleki ýurtlara görkezýän terror meselesindäki duýgurlygyny Türkiýä hem görkezmegini isledi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar