PKK agza ýene-de 70 terrorçy öldürildi

Öldürilen terrorçylar öz ýoldaşlary tarapyndan entek bilinmeýän tarapa alynyp gidilip, köpçülikleýin mazarda gömüldi

369114
PKK agza ýene-de 70 terrorçy öldürildi

Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň 21-nji awgustda Yragyň demirgazygynda guran 2 operasiýasynda terror guramasy PKK agza takmynan 70 terrorçy öldürildi, köp sanda terrorçy bolsa ýaralandy.

Operasiýalarda Yragyň demirgazygyndaky Kandil we Metina sebitlerindäki terrorçylaryň gaçypatalgalary we ýarag ammarlary nyşana alyndy.

Öldürilen terrorçylar öz ýoldaşlary tarapyndan entek bilinmeýän tarapa alynyp gidilip, köpçülikleýin mazarda jaýlandy.

Beýleki tarapdan bolsa Howpsyzlyk güýçleri terrorçylaryň soňky wagtlarda harby egin-eşikleriniň ýerine asuda ilatyň geýýän eşiklerini geýýändiklerini habar berdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar