Hökümeti gurmaklyk üçin 45 günlük möhlet gutardy

İndi ünsler Prezident Erdogana gönükdi

339790
Hökümeti gurmaklyk üçin 45 günlük möhlet gutardy

Şu gün Türkiýäniň Mejlisiniň Başlygy İsmet Ýylmazy kabul etjek Erdoganyň saýlawyň geçirilmegi barada karar kabul etmegine garaşylýar.
Saýlawyň geçirilmegi baradaky karar Ministrler kabineti tarapyndan 48 sagadyň dowamynda yglan edilmeli.
Saýlawyň ýaňadandan geçirilmegi baradaky karar Resmi gazetde çap edilmeginden soňky 5 günüň dowamynda saýlaw hökümeti gurulmaly.
Premýer ministr Ahmet Dawutogly hem saýlaw hökümetiniň gurulmagy baradaky jogapkärçilik özüne berilen halatynda alyp barjak tutumy barasynda beýanat berdi.
Premýer ministr Dawutogly saýlaw hökümetiniň düzüminde orun aljakdygyny beýan eden Halklaryň demokratik partiýasy bilen birlikde şol hökümetde orun almajakdygyny yglan eden Milletçi hereket we Respublikan halk partiýalarynyň halk deputatlaryna ministrlik teklip etjekdigini aýtdy.
Konstitutsiýanyň şahslara teklip hödürlenjekdigini beýan edýändigini nygtan Dawutogly, özüniň hem şeýle çemeleşjekdigini mälim etdi.
Dawutogly “Partiýalaryň ählisine teklip hödürlejek. Kabul edip-etmezlik olaryň öz işi. Ýok diýilmeli däl. Ähli partiýalara wekilçilik edilen halatynda jemgyýetdäki dartgynlyk azalar” diýdi.
Ahmet Dawutogly 3 saýlaw tapgyry düzgüni barasynda bolsa ozalky ýa-da täze üç döwürlikler barada täze düzgüniň çykaryljakdygyny nygtady.
Premýer ministr Ahmet Dawutogly saýlaw hökümeti barasynda žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar