1-nji noýabrda ýaňadandan saýlaw geçirler

Prezident Erdogan saýlawda howpsyzlygyň üpjün edilmegi üçin çäre görlendigini belledi

337894
1-nji noýabrda ýaňadandan saýlaw geçirler

Prezident R. T. Erdogan Türkiýäniň 1-nji noýabrda ýaňandandan saýlaw geçirjekdigini aýtdy.
Stambulda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky soraglara jogap beren Prezident Erdogan “45 günlük möhlediň dolmagyndan soň Mejlisiň Başlygy bilen meseläni ara alyp maslahatlaşaryn we şol duşuşykdan soň ýaňadandan saýlar geçireris” diýdi.
Prezident Erdogan saýlaw hökümetinde mejlisiň içinden we daşardan agzalaryň bolup biljekdigini belledi.
Prezident R.T. Erdogan saýlawda howpsyzlygyň üpjün edilmegi üçin çäre görlendigini sözleriniň üstüne goşdy

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar