Türk ýaragly güýçleri terror guramasyna uly zarbar urdy

Howpsyzlyk güýçleri 22-nji iýuldan bäri geçirýän operasiýalarynda 771 terrorçyny ýok etdi, 750-ä golaý terrorçy bolsa ýaralandy

336401
Türk ýaragly güýçleri terror guramasyna uly zarbar urdy

Türk ýaragly güýçleriniň Yragyň demirgazygyndaky nyşanalara guran howa operasiýalarynda 430 terrorçy öldürildi.
Ýurdun içinde geçirilen operasiýalarda bolsa 260-a golaý terrorçy ýok edildi.
Geçirilen howa operasiýalarynda bolsa 750-ä golaý terrorçy ýaralandy.
Türkiýe-Yrak serhedinde ýerleşýän Karaçaly etrabynda ýerleşýän terror guramasy PKK-nyň lagerlerine guralan howa operasiýalarynda 2 topar görnüşindäki 18 terrorçynyň öldürilendigi habar berildi.
Terror guramasynyň merkezi pozisiýasyndaky Kandil hem yzgiderli gözegçilik astynda saklanýar.
Howpsyzlyk çeşmeleri terrorçylaryň Kandilde ýaňadandan jemlenşen halatynda ýaragly güýçleriň operasi geçirjekdigini habar berýär.
Resmi çeşmeler bolsa operasiýalarda öldürilen we şahsyýeti anyklanan terrorçylaryň sanynyň 81-digini mälim etdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar