Dawutogly hökümeti gurmak wezipesini yzyna tabşyrdy

Dawutogly hökümeti gurup bilmedi

333381
Dawutogly hökümeti gurmak wezipesini yzyna tabşyrdy


Premýer ministr Ahmet Dawutogly hökümetiň gurulmagy barada 9-njy iýulda alan wezipesini Prezident R. T. Erdogana yzyna tabşyrdy.
Prezidentiň metbugat gullugy tarapyndan berlen beýanatda Dawutoglynyň eden tagallalaryna garamazdan ynam sesini aljak hökümeti gurup bilmändigi üçin özüne berlen wezipäni yzyna tabşyrandygy nygtaldy.
Beýanatda Prezident R. T. Erdoganyň hem hökümeti gurmak üçin eden tagallasy sebäpli Dawutoglyna öz minnetdarlygyny bildirendigi bellenildi.

 

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar