Dawutogly hökümet gurmak wezipesini yzyna berer

7-nji iýulda geçirilen umumy saýlawlardan soň başlan koalisiýa hökümeti gurmak üçin geçirilen gepleşikler netijesiz boldy

332324
Dawutogly hökümet gurmak wezipesini yzyna berer

Türkiýäniň Premýer ministri Ahmet Dawutogly hökümeti gurmak wezipesini yzyna berer.

Ahmet Dawutogly şu gün agşam ýurduň Prezidenti R.T. Erdogan bilen duşuşyp, 9-njy iýulda alan hökümet gurmak wezipesini yzyna berer.

Dawutogly Respublikan halk partiýasynyň we Milletçi halk partiýasynyň liderleri bilen geçiren duşuşygy bilen baglanşykly maglumatlary Erdogana habar berer.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar