Prezident Erdoganyň hökümet baradaky beýanaty

Prezident R.T.Erdogan Rize welaýatynda gatnaşan açylyş dabarasynda koalisiýa hökümetiniň guruluş tapgyry barada beýanat berdi

327473
Prezident Erdoganyň hökümet baradaky beýanaty

Erdogan Adalat we ösüş partiýasy bilen Respublikan halk partiýasynyň arasynda netijesiz tamamlanan gepleşikler barasynda: “Düýnki netije aslyna seredilende kesgitleýiji däl” diýdi.
Prezident Erdogan Milletçi hereket partiýasynyň başlygy Dewlet Bahçeli bilen duşuşmagy meýilleşdirýändigini ýatladyp: “Şol duşuşykdan soň nähili netijäniň çykjakdygyny görüp, şoňa laýyklykda karar gelinmeli” diýdi.
Prezident Erdogan hökümeti gurmaklyk wezipesiniň Respublikan halk partiýasynyň başlygy Kylyçdaroglyna berilmegi barasynda bolsa: “Şertler üýtgedi, ahyrky netijäni göreliň, şondan soň kararymyzy bereris” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar