Koalisiýa hökümeti üçin gepleşikler dowam edýär

7-nji iýunda geçirilen saýlawlardan çykan netijelere laýyklykda koalisiýa hökümetiniň gurulmagy üçin tagallalar dowam edýär

325107
Koalisiýa hökümeti üçin gepleşikler dowam edýär

9-njy iýylda Prezident Erdoganyň Premýer ministr Dawutoglyna hökümeti gurmaklyk wezipesini bermegi bilen başlan tapgyrda soňky öwrüme gelindi.
Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy, Premýer ministr Ahmet Dawutogly bilen Respublikan halk partiýasynyň başlygy Kemal Kylyçdarogly şu gün üçünji gezek duşuşar.
Liderler şu gün ýerli wagt boýunça sagat 14:00-da Ankara Döwlet kabulhanasynda duşuşarlar.
Duşuşykda iki partiýanyň koalisiýa hökümetini gurup-gurmajaklygy belli bolar.
Dawutogly bilen Kylyçdarogly duşenbe güni 4,5 sagat dowam eden duşuşyk geçiripdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar