Koalisiýa hökümeti üçin möhüm hepde....

Dawutogly bilen Kylyçdarogly şu gün agşam sagat 18:00-da duşuşar

320633
Koalisiýa hökümeti üçin möhüm hepde....

Premýer ministr Ahmet Dawutogly bilen Respublikan halk partiýasynyň başlygy Kemal Kylyçdarogly şu gün agşam sagat 18:00-da duşuşar.
Duşuşykda koalisiýa hökümetiniň gurulmagy meselesinde möhüm karar kabul ediler.
Hökümetiň gurulmagy üçin konstitutsiýada berlen 45 günlük möhlet 23-nji awgustda dolýar.
Ünsler soňky tapgyrda Adalat we Ösüş partiýasy bilen Respublikan halk partiýasyna gönükdi.
İki partiýanyň wekilleri 11 günde 35 sagatlyk duşuşyk geçirdi we duşuşyklaryň netijeleri barada partiýalarynyň ýolbaşçylaryna ýörite habarnama hödürledi.
Şu gün koalisiýa hökümeti üçin liderler duşuşar.
Liderler Adalat, Daşary işler we Milli bilim ministrlikleri ýaly esasy ministrlikler bilen baglanşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar