Injirlik howa bazasy ulanylmaga başlandy

DAEŞ-e garşy göreşde ulanyljak ABŞ-na degişli 8 harby uçar Türkiýäniň Injirlik howa bazasyna geldi

319963
Injirlik howa bazasy ulanylmaga başlandy

ABŞ bilen gazanylan ylalaşykdan soň Hyzmatdaş güýçlerine degişli uçarlar Adana welaýatyndaky Injirlik howa bazasyna gelmäge başlady.

Ilkinji tapgyrda howa bazasyna 6 sanysy F-16 görnüşli 8 uçaryň gelendigi habar berildi.

Esgerler baza geljek daşary ýurt uçarlary üçin täze radar ulgamyny goýdylar.

Sebite ozal hem howa hüjümlerine garşy goranmak üçin 3 zenit ýaragy ýerleşdirilipdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar