Katar Türkiýä goldaw berdi

Katar Türkiýäniň terrorçylyga garşy göreşine goldaw berdi

316762
Katar Türkiýä goldaw berdi

Kataryň Daşary işler ministrligi Türkiýäniň terror guramalary PKK we DAEŞ-e garşy guraýan operasiýalaryna doly goldaw berýändiklerini mälim etdi.

Kataryň hökümeti Arap ligasynyň Baş sekretary Nebil Al Arabiniň Türkiýäniň Yragyň serhet bütewiligine hormat goýmalydygy baradaky ýazmaça beýanatyna garşylyk görkezdi.

Kataryň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda: “Jarnama agza ýurtlara sala salynman, olaryň garaýyşlary alynmadan çap edildi” diýip bellenýär.

Türkiýäniň soňky hepdelerde Yrakda we Siriýada terror guramalaryna garşy operasiýasyna ABŞ we ÝB hem goldaw beripdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar