Germaniýa Türkiýä goldaw berdi

Şteinmeier Türkiýäniň tebigy ýagdaýda raýatlaryny goramak jogapkärçiliginiň bardygyny nygtady

310608
Germaniýa Türkiýä goldaw berdi

Germaniýanyň Daşary işler ministri Şteinmeier terror guramasy DAEŞ-e garşy göreş we çözgüt etaby meselesinde Türkiýä goldaw berýändiklerini aýtdy.
Germaniýanyň Daşary işler ministri “Bild” gazetine beren beýanatynda “Türkiýede dynç almak barada pikir edip bilerin. Türkiýäniň Siriýa we Yrak serhetlerinde käbir kynçylyklar bolup biler, emma beýleki welaýatlary asuda. Meniň kömekçilerim we işgärlerim häzir Türkiýede dynç alýar” diýip belledi.
Türkiýäniň günorta gündogar serhedinde ýagdaýyň DAEŞ, PKK we Asada tabynlykdaky güýçleriň agyr ýaraglar bilen üpjün edilendigi sebäpli howplydygyny aýdan Şteinmeier, Türkiýäniň tebigy ýagdaýda raýatlaryny goramak jogapkärçiliginiň bardygyny nygtady.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar