Hakkaride ýene-de 1 esger öldürildi

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri hüjümi berk ýazgardy

305367
Hakkaride ýene-de 1 esger öldürildi

Türkiýäniň Hakkari welaýatynyň Şemdinli etrabynda ýüzi maskaly terrorçynyň ýaragly hüjümine sazewar bolan esger Ziýa Sarpkaýa şehit boldy.

Kellesinden ýaralanan Sarpkaýa hirurgik gatyşmaklyga garamazdan halas edip bolmady.

Gaçan terrorçynyň tussag edilmegi üçin sebite köp sanda Howpsyzlyk güýçleri ugradyldy.

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri beren ýazmaça beýanatynda hüjümi berk ýazgardy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar