Erdogan Olland, Al Sani we Al Suud bilen söhbetdeşlik geçirdi

Türkiýäniň Prezidenti R.T Erdogan, Fransiýanyň Prezidenti, Kataryň Emiri we Saud Arabystanynyň Şasy bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

304723
Erdogan Olland, Al Sani we Al Suud bilen söhbetdeşlik geçirdi

Prezident Erdogan telefon arkaly geçiren söhbetdeşliginde soňky terrorçylykly hüjümler we operasiýalar barada maglumat berdi.
Fransiýanyň Prezidenti Fransua Olland, Kataryň Emiri Şyh Temim Bin Hamed Al Sani we Saud Arabystanynyň Şasy Selman Bin Abdulaziz Al Suud Türkiýäni goldaýandyklaryny nygtadylar.
Erdoganyň bolsa liderler bilen geçiren söhbetdeşliginde Türkiýäniň DAEŞ-y we PKK-ny hem öz içine alýan ähli terror toparlaryna garşy göreşi dowam etdirjekdigini nygtady.
Prezident R.T. Erdogan telefon söhbetdeşliginde Siriýadaky garjaşyklygyň Türkiýä howp salýandygynada ünsi çekdi.
Liderler Erdogana ýogalan esgerler we polis işgärleri üçin gynanç bildirdiler.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar