Obama Erdogana gynanç bildirdi

Iki lider Türkiýe bilen ABŞ-nyň terrora garşydygyny nygtady

384056
Obama Erdogana gynanç bildirdi


ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama Prezident R. T. Erdogana telefon edip terrorçylykly hüjüm sebäpli gynanç bildirdi.
Iki lider Türkiýe bilen ABŞ-nyň terrora garşydygyny nygtady.
Iki lider söhbetdeşlikde terror guramasy DAEŞ-e garşy göreşde hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi, Yrakda ynamyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi we Siriýadaky çaknyşyklaryň syýasy taýdan çözülmegi barada pikir alyşdy.
Suruç etrabyndaky terrorçylykly hüjümi, PKK tarapyndan guralan terrorçylykly hüjümlerde bir esger bilen iki esgeriň şehit bolmagyny ýazgaran Prezident Obama, şehitleriň maşgalalaryna Amerikan halkynyň adyndan gynanç bildirdi.
Prezident Obama ABŞ-nyň Türkiýäniň milli howpsyzlygyna uly ähmiýet berýändiklerini aýtdy.
Obama bilen Erdogan telefon söhbetdeşliginde sebitara meselelerde ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge dowam etjekdiklerini ýatlatdy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar