BMG minnetdarlyk bildirdi

Feridun Sinirliogly BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Steffan de Mistura bilen duşuşdy

345623
BMG minnetdarlyk bildirdi

Daşary işler ministriniň kömekçisi Feridun Sinirliogly BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Steffan de Mistura bilen Ankarada duşuşdy.
Duşuşyk barasynda BMG tarapyndan berlen beýanatda, BMG-nyň Türkiýäniň bosgunlar barasynda edýän tagallasyna minnetdarlyk bildirýändigi bellenildi.
Beýanatda Siriýada akýan ganyň durmalydygyny aýdan Misturanyň Siriýadaky krizisiň syýasy taýdan çözülmegi üçin sebitde ýerleşýän ýurtlaryň esasy rol oýnaýandygyny nygtady.
Mistura Siriýa gepleşikleriniň çäginde geçen hepde Müsürde, Katarda we Birleşen Arap Emirliklerinde saparda boldy

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar