Koalisiýa gepleşikleri duşenbe güni başlar

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan 63-nji hökümeti gurmaklyk wezipesini Premýer ministr Ahmet Dawutoglyna berdi

378422
Koalisiýa gepleşikleri duşenbe güni başlar

Premýer ministr Ahmet Dawutogly koalisiýa gepleşikleriniň duşenbe güni başlajakdygyny mälim etdi.

Dawutogly Bosniýa-Gersegowina gurajak saparyndan ozal metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berip, şu hepdäniň dowamynda beýleki partiýalar bilen duşuşjakdygyny, ilkinji koalisiýa gepleşikleriniň duşenbe güni sagat 14:00-da Respublikan Halk partiýasynyň başlygy Kemal Kylyçdarogly bilen geçiriljekdigini habar berdi.

Premýer ministr Respublikan halk partiýasy, Milletçi hereket partiýasy we Halklaryň demokratik partiýasy bilen gepleşikler geçiriljekdigini, emma esasan hem Respublikan halk partiýasyndan ýa-da Milletçi hereket partiýasyndan netije almak isleýändiklerini belledi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar