Türkiýe ýene-de 850 bosguna gujak açdy

Terror guramasy DAEŞ Tel Abýad şäherine ýaňadandan hüjüm gurady

327200
Türkiýe ýene-de 850 bosguna gujak açdy

Siriýany gana bulan terror guramasy DAEŞ Tel Abýad şäherine ýaňadandan hüjüm gurady.
10 adamlyk motosikletli topar bilen hüjüm eden başbozarlar asuda ilaty nyşana aldy.
Çaknyşyklardan gaçan Siriýalylara ýene-de Türkiýe gujak açdy.
Hüjümlerde 6 adam ýaralandy.
Ýaralananlar Şanlyurfanyň Akçakale etrabynda bejeriş astyna alyndy. Ýaralananlardan biri bolsa ýolda ýogaldy.
Birinji etapda ýene-de 850 bosgun Türkiýä geldi.
Çaknyşyklaryň güýçlenmegi sebapli Siriýaly 23 müň adam Akçakale gümrük geçelgesinden Türkiýä geldi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar