Dawutogly tapawutly dinleriň wekilleri bilen agzaçarda duşuşdy

Dawutogly serhede abanyp biljek howpa garşy Türkiýäniň ähli taraplaýyn taýarlyk görendigini ýatlatdy

323843
Dawutogly tapawutly dinleriň wekilleri bilen agzaçarda duşuşdy

Premýer ministr Ahmet Dawutogly Stambulda tapawutly dinleriň wekilleri bilen agzaçarda duşuşdy.
Agzaçarda sözlän sözünde Siriýa serhedinde başdan geçirilýän wakalar barada durup geçen Dawutogly, serhede abanyp biljek haýsydyr bir howpa garşy Türkiýäniň taýardygyny nygtady.
Türkiýäniň Siriýa we Yrak serhedinde başdan geçirilýän adamzat pajygasynyň ortadan aýrylmagy üçin tagalla etmäge dowam etjekdigini aýdan Dawutogly “Sebitdäki adamzat pajygasynyň ortadan aýrylmagy üçin bosgunlary iň gowy ýagdaýda garşylamaga dowam ederis” diýdi.
Dawutogly serhede abanyp biljek howpa garşy Türkiýäniň ähli taraplaýyn taýarlyk görendigini ýatlatdy.
Premýer ministr Ahmet Dawutogly Ýakyngündogarda parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin diplomatik taýdan tagalla etmäge dowam etjekdiklerini aýtdy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar