Wanda ýer titredi

Türkiýäniň Wan welaýatynda 4,5 ululygynda ýer titredi

316553
Wanda ýer titredi

Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasynyň (AFAD) resmi internet saýty tarapyndan berilýän maglumatlara görä ýer titremäniň Türkiýäniň wagty bilen sagat 01:35-de 4,5 bal ululygynda bolandygy aýdylýar.
Berilen maglumatda ýer titremäniň güýç merkeziniň Wan şäherinde ýeriň 19,36 km alysynda bolandygy nygtalýar.
Ýer titreme diňe Wan welaýatynyň merkezinde däl eýsem Bitlis, Tatwan, Ahlat we Adiljewaz welaýat we etrap merkezlerinde hem duýuldy.
Ýer titremeden soň Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy (AFAD) şähere ýer titremäniň nähili derejede zeper ýetirendigini barlamak üçin ýötite topar ugratdy.
Beýleki tarapdan berilen maglumatlaryň arasynda 1-nji ýer titremeden 8 minut soň 3,2 bal ululygynda ikinji gezek hem ýer titrändigi aýdylýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar