"Adalat we ösüş partiýasy saýlawyň ýeňijisi we birinjisidir"

Premýer ministr Ahmet Dawutogly partiýasynyň merkezinde beren beýanatynda saýlawyň netijeleri barada durup geçdi

295980
"Adalat we ösüş partiýasy saýlawyň ýeňijisi we birinjisidir"

Adalat we ösüş partitasynyň ýene-de bir gezek uly üstünlik gazanandygyny aýdan Dawutogly: “Partiýamyz saýlawyň ýeňijisi we birinjisi. Hiç ýeňilen saýlawyndan ýeňiş çykarmaga synanşmasyn. Hemmeler öz hasabyny seljermeli” diýdi.
Milletiň kararynyň ahyrky karardygyny nygtan Dawutogly: “Bu karara sarpa goýmak ähli taraplar üçin hökmanydyr we talap edýän netijesi berjaý ediler” diýdi.
Premýer minist watanyn gündogary bilen günbataryny birleşdirmäge dowam etjekdiklerini belläp, saýlawyn netijeleriniň Türkiýäniň oňurgasynyň Adalat we ösüş partiýasydygyny görkezýändigini nygtady.
Dawutogly: “Milletimiz asuda bolmaly we geljege ynam bilen garamaly. Çünki milletiň oňurgasy Adalat we ösüş partiýasy işiniň başynda bolar” diýdi.
Dawutogly asudalyga we durnuklylyga zeper ýetirilmegine ýol bermejekdiklerini nygtady.
Premýer ministr konstitutsiýanyň täze teksti barada ähli partiýalara: “Azatlyga, adamyň buýsanjyna esaslanýan, geljege we ykbala laýyk ýaşlary ösdürip ýetişdirjek täze konstitutsiýa üçin işe girişeliň” diýip ýüzlendi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar