Wolkan Bozkyr ÝP-ne hat ýazdy

ÝB ministri Wolkan Bozkyr Ýewropa Parlamentiniň üstümizdäki aýyň dowamynda çap etjek Türkiýe habarnamasynda Türkiýäniň ileri tutýan uğurlaryna ýene-de bir gezek ünsleri çekdi

301676
Wolkan Bozkyr ÝP-ne hat ýazdy

Ministr Bozkyr Mejlisiň Başlygy Martin Şulz, Daşary gatnaşyklar toparynyň başlyğy Elmar Brok we syýasy toparlaryň ýolbaşçylaryna Türkiýäniň ileri tutýan ugrlary barada hat ugratdy.
Hatynda üç ugra ünsi çeken Wolkan Bozkyr: “Habarnamanyň kabul ediljek tekstinde ÝP-niň 1915-nji ýyldaky wakalar baradaky 2015-nji ýylyň 15-nji aprelinde kabul edilen kararyna salgylanylmagy; PKK-nyň ÝB-niň terror guramalarynyň sanawyndan çykarylmagy barada çagyryş edilmegi; Agzalyk gepleşiklerimize ýaramaz täsir ýetirjek häsýete eýe bolan täze barlag-seljeriş ugurlarynyň açylmazlygy ýa-da agzalykdan ozalky maliýe goldawlarynyň saklanmagy barada çagyryş berilmegi ýaly hususlara orun berilen halatynda ÝP-niň habarnamasy Türkiýe üçin kabul edilmejek häsýetde bolar” diýdi.
Ministr Wolkan Bozkyr Habarnamanyň Kipr meselesiniň çözülmegi üçin adada dowam edýän gepleşiklere ýaramaz täsir ýetirjek mazmun bilen bir taraply tekst hökmünde kabul edilmeli däldigini duýdurdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar