Mehmet Görmez Gaza guraýan saparyny dowam etdirýär

Görmez Gazadaky Nejmettin Erbakan Ýetimler merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

279649
Mehmet Görmez Gaza guraýan saparyny dowam etdirýär

Din işleri guramasynyň başlygy Mehmet Görmez Gaza guraýan saparyny dowam etdirýär.
Mehmet Görmez Gazadaky Nejmettin Erbakan Ýetimler merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Görmez merkeziň Gazada ýetimlere hyzmat etjekdigini aýtdy.
Türk halkynyň palestinalylara goldaw bermäge dowam etjekdigini aýdan Mehmet Görmez, “Gazadan ýüz öwürmeris we Gazanyň azat durmuşda ýaşajakdygyna ynanýarys” diýip belledi.
Mehmet Görmez saparynyň çäginde Gazada Türkiýe tarapyndan gurdurlan “Türkiýe-Palestina dostluk” hassahanasyna hem baryp gördi.
Gaza sapar guramakda gijä galandyklaryny aýdan Görmez türk halkynyň zulum çekýänleriň umydy bolmaga dowam edýändigini belledi.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar