Şu gün 1-nji maý Halkara zähmetkeşler we raýdaşlyk güni

1-nji maý Türkiýede dürli çäreler bilen bellenilip geçilýär

257271
Şu gün 1-nji maý Halkara zähmetkeşler we raýdaşlyk güni

1-nji maý bütin dünýäde bolşy ýaly Türkiýede hem dürli çäreler bilen bellenilip geçilýär.
Stambulyň Taksim meýdanynda kärdeşler arkalaşyklarynyň wekilleri Kazanjy eňňinde duşuşdy we 1977-nji ýylda ýogalanlaryň hormatyna gül desselerini goýdy.
Kärdeşler arkalaşyklarynyň wekilleri Atatürkiň ýadigärligine hem gül desselerini goýdy.
Taksim meýdanynda ýörişiň geçirilmegine bolsa rugsat berilmeýär.
Polis meýdanyň daş-töwereginde berk howpsyzlyk çärelerini gördi.
1-nji maý Halkara zähmetkeşler we raýdaşlyk güninde paýtagt Ankara bilen birlikde beýleki şäherlerde dürli çäreler geçirilýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar